Mazmuna geçiň

Gadymy Antikiter mehanikasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Antikiter ýa-da Antikythera mehanigy (Grekçe: Αντικύθηρα,) astronomik birliklerini hasaplamak üçin işlenip düzülen gadymy hasap mehanikasydyr[1][2].

19001901 -njy ýyllar aralygynda Krit adasy we Mora ýarymadasynda Gresiýanyň Kiçi Çuha (Antikythera) adasynyň töwereklerinden tapyldy. «1900 -nji ýylda, Elias Stadia atly bir grek ýüzüjisi Gresiýada Antikiter atly kiçi adanyň ýakynynda gadymy eýýamlardan bäri batyp galan suwasty gämisine syýahat etdi. Ol b.e.öňki 87-nji ýylda batan bir ýük gämisi eken. Deňiziň düýbünde şol ýük gämisiniň töwereklerinde pytrap ýatan heýkeller ýüzüjini haýran galdyrypdyr. Gäminiň içinde gymmatly tapyndylar, bronzolar, we geň ýeri döwülmän galan küýzelerde şerap bardy. Ol B.e.öň I asyr da ýaşan adamlar üçin iň uly ýük gämisi bolupdyr. Tapyndylaryň arasynda iň gymmatly zat duzly suwuň içinde bozulyp barýan çarhly agaç gutusy hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu gutynyň içinde bize näbelli bolan mehanika çarhlary bardy. Ony gorag astyna alýan şertleriň ýokdugy üçin guty ýok bolup bozuldy. Bu mehanikany gadymy adamlar näme maksat bilen ulandykalar? Ol çeşmesiz tapyndy iň gadymy mehanik çarhy diýlip hasap edilýär. Tapylan gününden bäri bilim adamlaryna we taryhçylara syryny gorap gelýär.

Çaklamalar

[düzet | çeşmäni düzet]

Hakykata golaý çaklamasy hem älemi astronomik birligiklerini hasaplamak üçin ulanylan «Analog kompýuter» bolan bolmagy mümkin. Beýle mehanika ýaňy orta asyrlarda çykyp başlan hasap edýärdiler. 1959-njy ýylda Ýale uniwersitetinden J. De Solla Price atly taryhçy bu mehanika çarhyna bagyşlap ylmy makala ýazdy. Şol makalada mehanikanyň işleýişi, çyzymlary, göwrümi hem ýerleşdirlipdir. Şol wagtlar Grek arheologlary bu tapyndyny öwrenmäge başladylar. Solla Price şol kompýuteriň Gadymy Grek Asman Ylymlaryna degişli Rodosly Geminus tarapyndan oýlanyp tapylandygyny öňe sürdi. Bu ylmy tezi alymlar kabul etmediler. Sebäbi olar şeýle diýýärdiler: «Çünki o döwürleriň adamlary Gadymy Grekler heniz şolar ýaly mehanikany ýasamaga ökde tehnalogiýalary ýokdy».

Syrynyň açyylmagy

[düzet | çeşmäni düzet]

1990-njy ýylda Awstraliýaly kompýuterleriň alymy Allan George Bromleý Sidneýdäki bir sagatçy bilen birlikde Antikiter enjamynyň kopýasyny ýasamaga başlady. Emma ol başaryp bilmedi. Çünki bu düzülen kopýa enjamyny nämä ulanyp boljakdygyny bilip bilmediler. Soňra John Gleawe atly bir Iňlis astronom bu mehanikany täzeden işledi. Mehanikanyň çarhynyň öň ýüzünde Günüň we Aýyň asmanda ýyl boýunça işleniş taslamasy görkezilýärdi. Arka ýüzünde bolsa gadymy Ýunanlaryň Ýyl we Aýa görä kalendar görkezilipdir. 2002-nji ýylda Londondaky Ylmy muzeýde işlän Micael Wright atly bir alym Allan G. Bromleýiň kömegi bilen Antikytheranyň üstünde işläp başlady. Iki alym «Linear Tomografi» atly şol mehanikany täzeden gurnap öwtendiler. Wright bu tapyndynyň aşygydy. Bular birlikde işläp ahyry «Onuň takyk jogabyny tapdyk» diýip pikir edýärdiler. Onda diňe Aý bilen Günüň hereketleri däl, eýsem Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter we Saturnyň hereketlerini hem görmek bolýardy. Gadymy Greklere belli bolan Asman jisimleri şolardy. Alymlara görä Antikythera enjamy Astronomik jisimleriň herketleri däl, eýsem ol kalendary hem görkezýärdi. Eger şol iki alymyň çaklamasy dogra laýyk däl bolsa, onuň syryny asla çözüp bolmaz. Täze maglumatlaryň gelip gowuşmagy bilen gadymy grek ýazyjylarynyň düşündirýän näbelli enjam hakynda aýdanlary belki-de şol Antikythera salgylanýan bolmaklary mümkin. Çeşme biziň eramyzdan öňki I asyrda Cicero, Poseidone atly biriniň dostunyň taýýarlan enjamyndan söz edýär. Bu enjam Günüň, Aýyň we bäş planetanyň herketlerini düşündirýändigi nygtalýar. Diýmek gadymy grekler şeýle enjamy ýasamak üçin ökde tehnalogiýa eýe bolupdyrlar eken. Bu enjam soňra Arap dünýäsinde, ondanam Ýewropa aralaşypdyr. Şol Antikiter mehanikasy häzir Gresiýanyň paýtagty Afinada Arheologik muzeýinde sergilenipdir. Ýanynda bolsa alymlar tarapyndan işlenen kopýasy bardy. Onuň başga bir kopýasy hem ABŞ Montanadaky Amerikan kompýuter muzeýinde sergilenipdir.

1. ^ "The Antikythera Mechanism Research Project ", The Antikythera Mechanism Research Project. Retrieved 2007-07-01 Quote: "The Antikythera Mechanism is now understood to be dedicated to astronomical phenomena and operates as a complex mechanical "computer" which tracks the cycles of the Solar System."

2. ^ Post Quote: Imagine tossing a top-notch laptop into the sea,leavingscientists froma foreign culture to scratch their heads over its corroded remains centuries later. A Roman shipmaster inadvertently did something just like it 2,000 years ago off southern Greece,experts said late Thursday.

Giovanni Pastore - THE DISCOVERY OF ARCHIMEDES' ORRERY 1902 ýylyň Maýyň 17-ne.: Gadymy eýýamdan galan Antikiter «kompýuter» tapyldy.

  翻译: